6-10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde GDA agza ýurtlaryň sazandalarynyň Delfiýa oýunlary geçiriler. On ýedinji gezek saz bäsleşigi Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilýär. Türkmenistanly ýaş sazandalar hem bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar. Ýurduň dürli sazçylyk bilim edaralaryndan alty sany sazandalar oýunlara gatnaşar. Olardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dört zehinli talyby - Erjel Ýagşymyradow (fortepiano), Şaislam Komiljanow (fortepiano), Elina Gurbanowa (skripka) we Seýran Atanyýazow (skripka) bar. Şeýle-de konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyndan ýaş pianinoçy - Aýnur Otuzowa (fortepiano) we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden - Arslan Şaripow (akkordion) dagylar hem bu oýunlara gatnaşarlar. Oýunlara TMK-nyň uly mugallymy, halkara ýaryşlaryň ýeňijisi Stella Faramazowa konsertmeýster bolup gatnaşar. Oýunlara 14-25 ýaş aralygyndaky GDA agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşyp bilerler we bäsleşigiň özi käbir eserleriň ýerine ýetirilmegi bilen iki tapgyrda geçiriler. Baýrakly orunlar topar ballarynyň sanyna görä paýlanar. Bäsleşigiň maksatnamasy aşakdaky nominasiýalardan ybarat: fortepiano, skripka, akademiki aýdym aýtmak, ýekebara halk aýdymy, estrada aýdymy, halk tansy, üflenip çalynýan saz gurallaryny çalmak, şekillendiriş sungaty, çeperçilik senetleri, milli saz gurallary. Bäsleşigiň netijelerine esaslanyp, ýeňijiler ýörite nominasiýalar boýunça sylaglanarlar.