Amerikanyň sport harytlaryny öndürijisi Nike Inc. nobatdaky gezek iň gymmat brendleriň global reýtinginiň “egin-eşik we aksessuarlar” kategoriýasynda lider boldy. Bu barada Brand Finance kompaniýasynyň her ýyl geçirilýän gözlegine salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Nike birinji orny 2015-nji ýyldan, ýagny harytlaryň bu kategoriýasy boýunça ilkinji hasabat çykanyndan bäri saklap gelýär. Amerikaly öndürijä degişli bolan brendiň bahasy bir ýylda 5,6% peseldi we 31,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Ikinji orunda, bir ýyl ozalky ýaly, Louis Vuitton fransuz brendi ýerleşdi. Onuň bahasy 12,2% ýokarlanyp, 26,29 mlrd dollar boldy. Üçlügi 27%, 19,39 mlrd dollara çenli ösüş görkezen Chanel brendi jemledi. Iň çalt ösýän brend Celine fransuz moda öýüne degişlidir: bir ýylda onuň bahasy 51% ýokarlanyp, 2,9 mlrd dollara ýetdi. Iň uly brendlerden başga “lýuks” harytlaryny öndürijiler soňky döwürde käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, bu beýlekiler bilen bir hatarda sport egin-eşikleriniň ýörgünliliginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, gözlegiň awtorlary belleýär. H&M we Zara ýaly “çalt moda” ägirtleri hem kynçylyk çekýärler: geçenki reýtingiň çykanyndan bäri bu brendleriň bahasy, degişlilikde, 26% we 15% peseldi.