Tesla kompaniýasy Hytaýda Model Y krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Restaýlingden soň krossower käbir dizaýn üýtgeşmelerine eýe boldy. Şeýlelikde, awtomobil başga bir 19 dýuýmlyk teker diskleri, aýratyn salon yşyklandyryşy we täze enjam paneli bilen üpjün edildi. Modeliň bahasy 263 900 ýuandan başlaýar diýip, autonews.ru habar berýär. Şeýle-de, awtoulag tehniki üýtgeşmeleri aldy. Indi Model Y-nyň standart görnüşi sagatda 100 km çenli tizligi 5,9 sekuntda artdyrýar. Krossoweriň öňki görnüşi ilkinji 100 km-i 6,9 sekuntda alýardy. Şol bir wagtyň özünde güýç gurluşynyň kuwwatynyň artdyrylyşy Long Range we Performance modifikasiýalaryna degişli bolmady. Modeliň ýol ätiýajy hem üýtgedi. Indi, adaty Model Y bir zarýadda 554 km geçip bilýär (öň bu görkeziji 545 km-di). Long Range modifikasiýasynyň ýol ätiýajy 660 km-den 688 km çenli artdyryldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir