2015-nji ýylda çykarylan birinji nesliň Apple Watch modelleri 30-njy sentýabrda Apple-iň könelişen önümleriniň sanawyna goşuldy. Netijede, bu könelişen Series 0 sagatlary indi Apple Store dükanlarynda we kompaniýanyň ygtyýarly hyzmat merkezlerinde abatlamak ýa-da başga bir hyzmatlar üçin degişli däldir. Bu barada ixbt.com habar berýär. Könelişen modelleriň sanawyna çykarylan wagty 17 000 dollara çenli bahasy bolan 18 karat altyndan korpusly birinji nesliň Apple Watch Edition sagatlary girýär. Bitewi altyndan bolan Apple Watch sagatlarynyň önümçiligi 2016-njy ýylda bes edildi we 1299 dollar bahaly keramiki Apple Watch Edition bilen çalşyryldy. Programma üpjünçiligi barada aýdylanda, 2018-nji ýylda watchOS 5 arassa altyndan bolan Apple Watch bilen ylalaşyjylygy ýitirdi. 38 we 42 mm ölçegli alýuminden we poslamaýan polatdan bolan asyl nusgadaky Apple Watch sagatlary hem, şol sanda Hermes görnüşi indi köne hasaplanýar. Apple önümi satuwda ýaýramagyny bes edeninden ýedi ýyldan köp wagt geçen bolsa, tehnologiki taýdan könelişen diýip kesgitleýär. Asyl nusgadaky Apple Watch sagatlarynyň önümçiligi Apple Watch Series 2 we Series 1 modelleri çykandan soň 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda bes edildi, şonuň üçin birinji nesil modelleri ýakynda ýedi ýyl möhletden geçdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir