Plastigiň mikroskopik bölejikleri, ýaponiýaly alymlaryň gözleglerine görä, bulutlarda hem bar. Hapalanmanyň bolmagy klimata täsir edip biler. MIR 24 teleýaýlymynyň belleýşi ýaly, alymlar Fudzi we Oýama daglarynyň depelerini örtýän dumandan çyglylygyň nusgalaryny ýygnamak üçin bu daglara çykdylar. Soňra olar nusgalaryň fiziki we himiki aýratynlyklaryny seljerdiler. Netijeler bulanyk suwuň her bir litrinde 6 – 13 plastik bölejiginiň bardygyny görkezdi. Olaryň ölçegi 7,1 mikrometrden 94,6 mikrometre çenli aralykda üýtgeýär. Alymlar toparyna polimerleriň dokuz dürli görnüşini we kauçugyň bir görnüşini kesgitlemek başartdy. Gidrofil ýa-da çyglylygy söýüji polimerler köp boldy. Alymlar bu bölejikleriň bulutlaryň çalt emele gelmegine täsir edýändigini çaklaýarlar. Olar mikroplastigiň atmosferanyň ýokarky gatlagyna düşen ýagdaýynda ultrabenewşe şöhleleriniň täsirine sezewar bolup, dargap başlaýandygyny bellediler. Bu proses bug gazlarynyň bölünip çykmagyna getirýär. Mikroplastik (ölçegi 5 mm-den kiçi bolan plastik bölejikleri) çüýşelerden, gaplamalardan, dokma önümlerinden, awtomobil şinalaryndan, şahsy gigiýena serişdelerinden we beýleki giňden ýaýran harytlardan emele gelýär. Ownujak bölejikler öň planetanyň ummanyň çuň ýerleri we Pireneý daglarynyň depeleri ýaly barmasy kyn bolan ýerlerinde tapylypdy. Ýöne olaryň geçiş mehanizmi näbelliligine galýar. Ýaponiýaly alymlaryň gözlegleri ilkinji gezek bulut suwunda howa boýunça mikroplastigiň “migrasiýasy” baradaky fakty ýüze çykardy diýip, Environmental Chemistry Letters belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir