“Üç ýagşy iş” rus filmi gysga metražly filmler üçin girdeji ýygymy boýunça dünýä rekordyny resmi taýdan täzeledi. Taslama ýerli prokatda 1 mlrd rubleýden gowrak gazandy. Bu barada film.ru habar berýär. Alty minutlyk kartinanyň sýužeti näletlenen gyz Wika (Natalýa Sawçuk) barada gürrüň berýär – indi gahryman özünden erbet jadyny aýyrmak üçin üç sany ýagşy iş etmeli. Režissýor hökmünde Milana Lebedewa çykyş etdi. Film 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri kinoteatrlarda 110 müň gezekden köp görkezildi. Gysga metražly film START onlaýn hyzmatynda elýeterlidir.