Apple kompaniýasy, habar berlişi ýaly, “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermek hukuklarynyň eksklýuziw eýesi bolmak isleýär. Eger şertnama baglaşylsa, ýaýlymy diňe Apple TV+ hyzmatynda görmek bolar, bu hem kompaniýanyň täze tomaşaçylary özüne çekmegine mümkinçilik döreder. Bu barada ixbt.com belleýär. Şertnamanyň bahasy Apple-e ýylda 2 mlrd dollara düşüp biler. Şol bir wagtyň özünde, şertnama baglaşylsa-da, heniz beýleki kompaniýalaryň hukuklarynyň möhleti tamamlanmasa, başda Apple eksklýuziw hukuklara eýe bolup bilmez. Ýöne bu kem-kemden bolar we netijede Apple ýaýlymlaryň ýeke-täk çeşmesine öwrüler. Umuman, bu 2029-njy ýylda bolup geçer. Apple-iň özüniň bolsa ýediýyllyk şertnama baglaşmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir