Kuweýtli referi Abdulla Jamali AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan 2-nji aýlawyndan orun alan «Al-Aýn» — «Ahal» oýnuna eminlik eder. Bu barada globalsportsarchive.com. saýty habar berdi Oýunda kuweýtli emine ildeşleri, gapdal eminleri Ali Jrak we Abdulhadi Manea ýardam eder. VAR-daky eminiň wezipesini hem kuweýtli Ahmad Al Ali ýerine ýetirer. Oýnuň dördünji emini singapurly Ahmad A’Kaşa bolar. 3-nji oktýabrda BAE-niň Al-Aýn şäherinde geçirijlek «Al-Aýn» — «Ahal» oýny Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir