Russiýa bilen bilelikde, Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünde Halkara Aý stansiýasynyň gurluşygyny 2035-2040-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär diýip, Hytaýyň Milli kosmos edarasynyň (CNSA) baş inženeri Li Gopin habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar. Bu barada Halkara astronomiýa kongresiniň çäklerinde aýdan Li Gopin Hytaýyň maksatnamanyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlary bilen dürli derejeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady. 2021-nji ýylyň martynda Russiýa we HHR halkara Aý stansiýasyny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara memoranduma gol çekdiler. 2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda iki ýurt bilelikdäki Aý bazasyny gurmak boýunça «Ýol kartasy» bilen tanyşdyrdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir