2023-nji ýylyň 23-24-nji oktýabr günlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeni çäräniň çäklerinde amerikalylar türkmen halkynyň baý taryhy, milli däp-dessurlary we medeni gymmatlyklary, şeýle-de türkmen edebiýaty we sungaty bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ABŞ-nyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Nýu-Meksiko uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegine garaşylýar. Bu resminamanyň taslamasy şu ýylyň maý aýynda iki ýurduň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen wideo maslahatyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir