Şu gün Täjigistanda «Kitap Duşenbe — 2023» atly 11-nji halkara kitap sergisi açyldy. Täjigistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalar bilen bir hatarda Türkmenistanyň ilçihanasy hem sergide öz diwarlygyny ýaýbaňlandyrdy. Türkmen milli äheňinde bezelen diwarlyk myhmanlary Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatlaryna bagyşlanan neşirler, şeýle hem döwletiň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň kitap diwarlygynda çeper, meşhur ylmy eserler, baý, köptaraply türkmen medeniýeti, taryhy we sungaty barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler görkezilýär. Kitap forumynyň çäginde Türkmenistanyň Ilçihanasy Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite žurnalyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, bu çärä Medeniýet ministrliginiň, Täjigistanyň milli kitaphanasynyň we muzeýiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Duşenbe şäherindäki diplomatik korpusyň wekilleri, talyplar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdy. Sergi 5-nji oktýabra çenli dowam eder.