Dünýäniň kofe bazarynda gytlyk dowam edýär diýip, Halkara kofe guramasy habar berdi. Üstümizdäki ýylda kofe öndüriji iri ýurtlar önümçiligi görnetin azaltdylar. Mysal üçin, 2023-nji ýylyň aprelinde Wýetnamyň kofe eksporty 20 göterim pese düşdi. Bu ýurtda soňky dört ýylda iň az möçberde hasyl alnandygy bilen baglydyr. Netijede, «Robusta» atly kofe sortunyň lomaý söwdasy soňky 12 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady. Hünärmenler hasyllylygyň peselmegini El-Nino tebigy hadysasy hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglaýarlar. Olaryň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýylda dünýäde kofe däneleriniň hasyly iki esse azalar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir