OPEK+ guramasynyň agza döwletleri geljek ýylda nebit çykarmak bilen bagly ylalaşyklaryň möçberleri boýunça üýtgeşmeleri girizmezler, bu barada Abu-Dabide geçen nebitgaz sergisinde Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Suheýl al-Mazruiniň sözlerine salgylanýan TASS habar berdi. Ministriň aýtmagyna görä, hereket edýän ylalaşygyň şertlerine islendik täzeden garamak täze geleşigiň ylalaşylmagy hökmünde garalar. Ol nebiti eksport ediji ýurtlaryň tutuş 2024-nji ýyl üçin ylalaşandyklaryny we onuň berk berjaý ediljekdigine ynam bildirdi. 4-nji iýunda OPEK+ ýurtlary nebitiň umumy gazylyp alnyşyny gije-gündizde 40,46 million barrel möçberde ylalaşdylar, bu barada Wenada geçen ýygnagyň jemleri boýunça kabul edilen resmi kommýunikede bellendi. OPEK guramasynyň baş sekretary Haýtam Al Gais nebite islegiň geljegi barada oňyn pikirdedigini aýtdy, onuň sözlerine görä, nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryň ýeterlik bolmazlygy energiýa howpsuzlygy üçin töwekgelçilikleriň biri bolup durýar. Al Gais nebitiň we gazyň çykarylyşyna maýa goýumlaryň möhümdigini nygtap, nebit ulgamynyň maliýeleşdirilmeginiň bähbitsizdigi barada çagyryşlary bes etmäge çagyrdy.