«Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň «A» toparçasynyň 2-nji tapgyrynda myhmançylykda BAE-niň «Al-Aýn» topary bilen güýç synanyşdy. Al-Aýn şäherindäki «Hazza Ben Zaýed» stadionynda geçirilen oýunda kuweýtli emin Abdulla Jamali jürlewük çaldy. Duşuşyk 4:2 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. «Ahalyň» birinji goluna Elman Tagaýew, ikinjisine bolsa Daýanç Meredow awtorlyk etdi. «A» toparçadan orun alan beýleki oýunda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» topary öz öýünde Özbegistanyň «Pahtakor» klubyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ozal habar berşimiz ýaly, «Ahal» 1-nji tapgyrda Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Feýhasyndan» 1:0 hasabynda üstün çykdy. «Al-Aýn» bolsa myhmaçylykda «Pahtakoryň» derwezesine jogapsyz 3 top ýollady. Şeýlelikde, 2-nji tapgyrdan soňra «Al-Aýn» 6 utuk bilen «A» toparçada liderlik edýär. «Ahalyň» we «Al-Feýhanyň» hersinde 3 utuk bar, emma özara oýundaky ýeňiş sebäpli «Ahal» ikkinji orny eýeläp dur. Toparçada soňky orun iki oýunda hem garşydaşlaryndan asgyn gelen «Pahtakora» degişli. «A» toparçada 3-nji tapgyryň oýunlary 24-nji oktýabrda geçiriler. Şol gün «Ahal» Daşkentde «Pahtakoryň», «Al-Feýha» bolsa BAE-de «Al-Aýnyň» myhmany bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir