Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) özüniň 14 ýyllygyny we Hyzmatdaşlyk gününi belleýär. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň çarşenbe güni çap edilen metbugat beýanatynda mälim edilýär. «Türki Döwletleriň Guramasynyň binýadyny goýan Nahçywan şertnamasyna gol çekilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň Hyzmatdaşlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys» diýlip, beýanatda aýdylýar. Türki Döwletleriň Guramasy agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy, milli mümkinçilikleri sazlaşdyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem gurama parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýýar. 1992-nji ýylda «Türk dilli döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleri» hökmünde hereket edip başlamak bilen, bu hereket bu günki gün gatnaşyjy ýurtlaryň güýçli erk-islegi we bilelikdäki tagallalary netijesinde doly hukukly halkara gurama öwrüldi. Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bu guramanyň agzalary bolup durýarlar. Türkmenistan bilen Wengriýa bolsa guramada synçy statusyna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat TDG-niň ähli derejedäki işlerine işjeň gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir