Amerikaly 104 ýaşly Doroti Hoffner paraşýutda bökmekde iň uzak ýaşly zenan hökmünde dünýä rekordyny goýdy diýip, «Habar 24» ýazýar. Ol instruktor bilen bilelikde, 4 müň metrden hem belentlikden paraşýutly bökdi we ýere düşenden soňra ýaşyň diňe san görkezijisidigini aýtdy. Bu gezekki böküş Doroti üçin 2-nji gezekdir, ol birinji sapar 10 ýaşyndaka paraşýutly böküpdir. Pensioner enäni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmekçi bolýarlar. Bu ugurda öňki rekordy geçen ýyl Şwesiýanyň 103 ýaşly ýaşaýjysy goýupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir