Şu günler Abu-Dabide geçirilýän nebitgaz konferensiýasynyň we «ADIPEC 2023» sergisiniň çäginde türkmen wekiliýeti Pakistanyň federal energetika, energiýa we nebit ministri Muhammad Ali bilen duşuşdy. Duşuşykda TOPH gaz geçirijisini we TOP elektrik geçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Pakistan Today» habar berýär. Pakistanyň energetika ministri Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine bu taslamalary durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Pakistan Hökümetiniň bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin giňişleýin çäreleri görmäge taýýardygyny tassyklady. Pakistanyň energetika ministri taraplaryň arasyndaky degişli şertnamalaryň ýakyn wagtda resmi taýdan gol çekiljekdigine ynam bildirdi.