Şu aýda ABŞ-da özara durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin, «C5+1» formatynda ministrleriň duşuşygy geçiriler. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary Uzra Zeýa Demirgazyk Makedoniýanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Adam ölçegleri boýunça Warşawa konferensiýasynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda mälim etdi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web saýtynda habar berlişine görä, Uzra Zeýa öz çykyşynda meýilleşdirilýän ministrleriň duşuşygynda «C5+1» formatynda ABŞ-nyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagyndaky ýokary derejeli sammitinde öňde goýlan, ÝHHG-niň ýörelgelerinde ugur alýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky «С5+1» formatyndaky Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti 19-njy sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Sammitiň dowamynda Prezidentler söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, «ýaşyl» ösüş, energiýa howpsuzlygy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak, şeýle-de sebit howpsuzlygy ýaly meseleler barada pikir alyşdylar.