Amerikanyň Google kompaniýasy Hewlett Packard Inc. (HP) tehnologiýa korporasiýasy bilen bilelikde Hindistanda Chromebook noutbuklaryny öndürip başlar. Muny Google-yň esasy kompaniýasy Alphabet-iň baş ýerine ýetiriji direktory Sundar Piçai mälim etdi. Piçai X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda: "HP bilen bilelikde Hindistanda Chromebook önümçiligini ýola goýarys - bu modeliň Hindistanda öndürilen ilkinji noutbuklary hindi mekdep okuwçylaryna we talyplaryna arzan hem-de ygtybarly kompýuterleri elýeterli eder" – diýip ýazdy. Bloomberg-iň belleýşi ýaly, enjamlary ýygnamak 2-nji oktýabrda Hindistanyň günortasyndaky Çennai şäheriniň golaýyndaky Flex zawodynda başlar, bu ýerde HP 2020-nji ýyldan bäri noutbuklari we şahsy kompýuterleri (PK) öndürip başlady. Agentligiň bellemegine görä, bu ädim Google-yň hindi bazaryndaky ornuny pugtalandyrar, bu kompaniýa ýerli önümçiligi ýola goýmaga we, hatda, Hindistan elektronika importyna nyrhlar girizensoňam, Dell hem-de ASUS ýaly korporasiýalar bilen işjeň bäsleşmäge mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir