Islendik adam «Airbnb» hyzmatlar ulgamynda öňünden bronlap, Şregiň batgalykdaky öýünde wagtlaýyn ýaşap biler. Hellouin baýramynyň öňüsyrasynda, 2023-nji ýylyň 27 – 29-njy oktýabry aralygynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlar Şotlandiýada mugt, ýöne diňe öňünden hasaba alynmak arkaly ýaşaýyş jaýyny bronlap bilerler. Şeýle aksiýa ilkinji gezek geçirilýär. «Men sizi uly hormat bilen ertekä myhman bolmaga çagyrýaryn. Batgalykda dynç alýarkaňyz myhmanlar gijä çenli oturyp bilerler, hekaýalar aýdyşyp, adamhor ýaly iýip-içip bilerlersiňiz – men rowaýata öwrülen waflileri bişirerin. Öýde maňa nämäniň ýaraýandygyny bilýärsiňizmi? Ähli zat. Ösümliklerden landşaft, sada interýerler, owadan gaýalar, hemme zat. Jennetiň bu hapa bölejigini myhmanlaryň hut özleriniň görmeklerine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýip, multfilm gahrymany Eşegiň adyndan berlen beýanda bellenilýär. Muşdaklar üçin ajaýyp ýatylýan ýer taýýarlandy, ýöne ähli şertler, hajathana we hammam jaýdan 20 metr uzaklykda ýerleşer. Şregiň öýüne «Howp», «Girmäň» we «Ägä boluň, adamhor» ýazgylary eltýär. Ony döredijileriň bellemeklerine görä, bu ýer myhmanlar üçin surata düşülýän zolagyna öwrüler.