ABŞ-da, takmynan, 100 ýaşyndaky iň garry akwarium balygy ýaşaýar diýip, Oddity Central ýazýar. Mafusail atly balyk 1938-nji ýylda Awstraliýadan gämide ABŞ-a getirilipdir. Alymlar onuň häzirki wagtda dünýädäki iň garry akwarium balygydygyny çaklaýarlar – barlaglar onuň 92 ýaşdan 100 ýaş aralygyndadygyny görkezdi. Mafusail gury ýerde-de, suwda-da ýaşap bilýän iki hili demalyjy balyk görnüşine degişlidir. Balyga seredýän işgärler onuň özüni bagtly we rahat duýýandygyny belleýärler. Hünärmenler, adatça, balyklaryň ýaşy bilen baglanyşykly oňurgalarynda üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini, gözleriniň bulanyk bolýandygyny we hatda çal teňňeleriň hem peýda bolýandygyny belleýärler. Emma Mafusail beýle garrylyk alamatlaryny görkezmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir