Germaniýanyň «BMW» kompaniýasy krossoweriň siluetini görkezýän wideo ýaýratdy. motor1.com bu «X2» modeliniň täze nesli bolup biler. Wideoda eňňitli üçegi bolan awtoulagyň kupe meňzeş profilini, yzky gapyda uly spoýleri görmek mümkin. Öňki böleginde LED yşyklandyryjy radiator gözenegi göze ilýär. Indiki nesil «X2» krossoweri «X1» modeliniň esasyny düzýän «BMW FAAR» platformasynda gurlar. Awtoulag «X1-de» ornaşdyrylan elektrik hereketlendirijileri bilen üpjün ediler. Esasy nusgalar sebite baglylykda, benzin ýa-da dizel hereketlendirijileri bilen üpjün ediler. Mundan başga-da, gibrid we elektrik görnüşleri elýeterli bolar. Şeýle hem «BMW» «iX1» modeli bilen birlikde şu ýylyň ahyryndan başlap, Germaniýada ýygnaljak dolulygyna elektrikli «iX2» awtoulagyny taýýarlaýar. Täze nesil «BMW X2» krossoweriniň haçan tanyşdyryljakdygy barada heniz maglumat ýok.