Ýaponiýanyň «Subaru» kompaniýasy ABŞ-da täze «Subaru WRX TR» sedanyny hödürlär. Bu barada motor1.com habar berýär. Täze önümiň ilkinji tanyşdyrylyşy 7-nji oktýabrda Florida ştatynda bolar. Öndüriji täze önüminiň aýratynlyklaryny aýan etmedi, diňe täze «Subaru WRX TR-iň» has güýçli we ruhubelent adamlar niýetlenen model boljakdygyny belläp geçdi. Ýaýradylan tizerden çen tutsak, awtoulagda bürünç reňkli diskler, gyzyl reňkli «Brembo» tormoz enjamlary, arka gurnamasy we gara plastik germew ornaşdyrylar. Bellenilmegine görä, sedanyň, takmynan, 300 at güýji bolan kuwwatly hereketlendiriji bilen üpjün edilmegi mümkin.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir