«iPhone-da» «WhatsApp-yň» beta wersiýasyny ulanyjylaryň käbirinde emeli intellekt arkaly tekstde beýan edilişine görä, öz stikerlerini döretmek mümkinçiligi peýda boldy. Bu barada WABetaInfo portaly habar berýär. Täze mümkinçilik «iOS-da» işleýän «WhatsApp-yň» 23.20.1.70 belgisi beta wersiýasynda işläp başlady we ol «TestFlight» hyzmatynda synagçylar üçin elýeterlidir. WABetaInfo tarapyndan neşir edilen suratda täze aýratynlygyň nähili işleýändigini görkezilýär – diňe pikiriňi beýan etmek ýeterlikdir, şondan soň messenjer emeli intellekt arkaly ulanyjynyň haýyşy boýunça döredilen stikerleriň birnäçe nusgasyny hödürleýär. Soň bolsa şolaryň içinden halanyňy saýlamaly we söhbetdeşiňe ibermeli. Şeýle hem paýlaşylan suratda «skeýtbordda gülýän pişik» buýrugy boýunça döredilen stikeriň nähili görünýändigini görkezilýär. Messenjeriň bu funksiýasy ykjam goşundynyň «Android-da» işleýän 2.23.17.14 wersiýasynda hem käbir synagçylar üçin elýeterlidir. Emeli intellekt arkaly stiker döretmek we ibermek funksiýasynyň doly giriziljek wagty heniz belli däl. Messenjeri döredijiler 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda «WhatsApp-a» beýleki emeli intellekt funksiýalaryny, şol sanda «çat-bot» we işewürlik hasaplary üçin täze aýratynlyklary girizmegi wada berdiler. Bu täze mümkinçilikleriň 2023-nji ýylyň ahyryna çenli işläp başlamagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir