Abraýly insaýder «OnLeaks «Giznext» portalynda «Samsung Galaxy S24+» flagman smartfonynyň dizaýnyny açyp görkezýän suratlary paýlaşdy. Suratlardan çen tutsak, «Samsung-yň» flagmanlarynyň indiki nesli dizaýn babatda ozalkylardan kän bir tapawutlanmaz. Çeşmä görä, «Galaxy S24+» 120Hz täzelenme tizligi bolan 6,7 dýuýmlyk tekiz «Dynamic AMOLED» ekrany bilen üpjün ediler. Yzky panelde üç kamera ýerleşer, gapdal gyrasynda bolsa ultra giň zolakly UWB aragatnaşyk üçin antenna ornaşdyrylar. Çaklamalara görä, «Galaxy S24+» sebite baglylykda «Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3» ýa-da «Samsung Exynos 2400» çipsetleri bilen üpjün ediler. Batareýanyň kuwwaty 4900 mAs bolar. Smartfon öňünden gurnalan «OneUI 6» mümkinçiligi bolan «Android 14» operasion ulgamynda işlär. «Galaxy S24» flagman seriýasynyň adatdakysyndan bir aý öň – 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir