«Titan» batiskafynyň betbagtçylygy täze çeper filmiň esasyny düzer. Bu barada «Deadline» habar berýär. Filmi surata düşürmek işlerini «MindRiot Entertainment» amala aşyrar, ozal bu studiýa gark bolan gämi hakda dokumental filmi hem döredipdi. Filmiň ssenarisinde awtorlar onuň soňky gezek suwa çümmek üçin taýýarlygy, suwasty gäminiň radarda ýitirim bolan wagtynda we şonda soň bolup geçen wakalar barada gürrüň bermegi meýilleşdirýärler. 18-nji iýunda syýahatçylar Atlantika ummanynda gar bolan ýolagçy gämisiniň ýanyna «Titan» atly suwasty gämisinde düşüp başladylar we ýitirim boldular. 22-nji iýunda halas edijiler «Titanik» gämisiniň golaýynda batiskafyň bäş sany uly bölegini tapdylar. Maglumatlara görä, enjamda onuň içine gönükdirilen partlama bolupdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir