2023-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy fransiýa-amerikaly Pýer Agostinä, wengriýa-awstriýaly alym Ferens Krausa we fransiýaly gözlegçi Ann L’Ýuile berildi. Bu barada Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi diýip, TASS belleýär. Baýrak “elektronlaryň materiýadaky hereketini öwrenmek üçin attosekunt ýagtylyk impulslaryny döredýän synag usullary” üçin berildi. “Baýrak eýeleriniň tejribeleri şeýle bir gysga ýagtylyk şöhlesini döretmäge mümkinçilik berdi welin, olar attosekuntlarda ölçenilýär hem-de şeýle şöhleleriň kömegi bilen atomlaryň we molekulalaryň içindäki prosesleriň suratyny almagyň mümkindigini görkezdi” – diýlip, habarda bellenilýär. Bu öň yzarlap bolmaýan prosesleri öwrenmäge mümkinçilik berdi. “Indi biz elektronlar dünýäsine tarap gapy açyp bilýäris. Attosekunt fizikasy elektronlaryň dolandyrýan mehanizmlerine düşünmäge mümkinçilik berýär. Indiki ädim olaryň ulanylyşy bolar” – diýip, fizika boýunça Nobel komitetiniň başlygy Ýewa Ulsson belledi. Bellenilişi ýaly, attosekunt impulslary dürli molekulalary kesgitlemek üçin ulanylyp bilner, mysal üçin, lukmançylyk diagnostikasynda.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir