Ýekşenbe güni Angliýada käbir bir gezeklik plastik önümleriniň ulanylyşyna girizilen gadaganlyk güýje girdi. Bu barada BBC salgylanyp, forbes.kz habar berýär. Täze düzgünlere laýyklykda, dükanlar we myhmanhana biznesi bilen meşgullanýan kärhanalar indi plastik nahar iýilýän enjamlary, howa şarlary üçin taýajyklar we polistirol bulgurlary bilen üpjün edip bilmezler. Ýurduň hökümetiniň beýanyna görä, bu ädim “galyndylar we daşky gurşawyň plastik predmetler bilen hapalanmak meselesini çözer”. Şeýle-de bolsa, käbir kompaniýalar heniz şeýle üýtgeşmelere taýýar däl. Hökümetiň maglumatlaryna görä, Angliýada her ýyl, takmynan, 1,1 milliard bir gezeklik tarelkalar we dört milliarddan gowrak plastik nahar iýilýän enjamlar ulanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir