7-19-njy oktýabrda Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri geçiriler. Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň we Mary şäheriniň dürli ýerlerinde geçiriler. Dabaranyň çäklerinde Tatarystanyň artistleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyrylar. Myhmanlar konsert maksatnamasyny hödürlärler, sergiler we ýarmarkalar guralar, şeýle hem Tatarystanyň halkynyň döredijiligi, medeniýeti we milli aşhanasy bilen tanyşlyk guralar diýip, Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir