«Android 14-iň» köpçülige niýetlenen görnüşi täze «Google Pixel 8» we «8 Pro» smartfonlary bilen birlikde 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda tanyşdyrylar. «Google-yň» operasion ulgamynyň 14-nji wersiýasy gysgaça «Android U», dolulygyna bolsa «Android Upside Down Cake» diýlip atlandyrylýar. 2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri çykýan beta nusgalaryndan çen tutsak, «Android 14» köp sanly kosmetiki üýtgeşmelere eýe bolar. Mysal üçin, emojiden diwar suratyny döretmek, batareýanyň has köp maglumatly widjeti we ulgamyň şrift sazlamalaryna çalt girmek mümkinçilikleri peýda bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir