Türkmenistanyň ilçihanasy 3-5-nji oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «Kitap Duşenbe-2023» ady bilen geçirilýän 11-nji Halkara kitap sergisinde Garaşsyz we Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyna, şeýle hem döwletiň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan kitaplary we neşirleri hödürledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri sergide aýratyn orun eýeledi. Türkmenistanyň kitap diwarlygynda baý, köptaraply türkmen medeniýeti, taryhy we sungaty barada beýan edilýän çeper eserler, ylmy eserler we döwürleýin neşirler hem görkezildi. Halkara serginiň çäklerinde ilçihana tarapyndan Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp neşir edilen ýörite žurnalyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Täjigistanyň medeniýet ministrliginiň, Milli kitaphanasynyň, Milli muzeýiniň ýolbşçylary, Duşenbede işleýän diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir