Türkmenistan Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX tomusky Aziýa oýunlarynda kuraş boýunça üçünji medalyny gazandy. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşyň jemleýji gününde ýurdumyza bürünç medaly Işanmyrat Ataýew getirdi. Ol 90 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip üstünlik gazandy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Birinji tutluşygynda Işanmyrat Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýa çempionaty — 2022-niň 81 kg çenli agram derejede bürünç medalçysy, 31 ýaşly Min Kwan Buiden (Wýetnam) üstün çykdy — 5:0. Ýarym finalda ildeşimiz eýranly Sadeh Azarang bilen tutluşyp asgyn geldi. Finalda Azarang Mingýu Kimden (Koreýa Respublikasy) üstün çykyp, medal gazandy.