Geljek hepdede ÝHHG-niň häzirki başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmaniniň Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada press24.mk Demirgazyk Makedoniýanyň DIM-ine salgylanyp habar berdi. Bellenilişi ýaly, Buýar Osmaniniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparlary dowam edýär. Awgust aýynda Özbegistana we Gazagystana baryp göreninden soň, Osmani indi Gyrgyzystana iki günlük sapar amala aşyrar, geljek hepdede bolsa Türkmenistana barmagy meýilleşdirýär. Türkmenistana sapar barada jikme-jik maglumatlar getirilmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir