Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmak isleýär. Bu barada ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna ýazan hatynda beýan edýär. Hat resmi türkmen metbugatynda çap edildi. Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade hatynda şu ýylyň sentýabr aýynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy mahalynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi. «Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmek işinde Siziň hyzmatlaryňyz bimöçberdir. Siz häzirki döwrüň umumy ykrar edilen syýasy Lideri, doganlyk türkmen halkynyň Arkadagy hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak işine hem uly goşant goşýarsyňyz. Biz, hemişe bolşy ýaly, Siziň Alyhezretiňiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde aýratyn hyzmatlaryňyza ýokary baha berýäris. Siziň ünsli garaýşyňyz mende hemişe buýsanç duýgusyny döredýär we ýene-de Siziň bilen duşuşyp, parasatly gürrüňleriňizi diňlemek isleýärin» diýlip hatda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir