Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Mongoliýa gelip görmäge çagyrdy. Bu barada ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda belläp geçýär. «Jenap Prezident, Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin Sizi biziň ajaýyp ýurdumyzda kabul etmäge şatdyryn. Hormatly jenap Prezident, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek we ösdürmek hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň täze taryhy sahypasyny açmak üçin Sizden özüňiz üçin amatly wagtda Mongoliýa gelmek baradaky çakylygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!» diýlip hatda aýdylýar. Belläp geçsek, Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleri öň 2022-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda hem-de 2023-nji ýylda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Çarlz III-ä täç geýdirmek dabarasy mahalynda duşuşypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir