AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň 2-nji duşuşygynda «Ahal» (Türkmenistan) «Al-Aýndan» (BAE» utuldy. A toparçada çykyş edýän bu klublaryň duşuşygyn BAE-de Al-Aýn şäherinde «Hazza Bin Zaýed» stadionynda geçirildi. Duşuşykda emirlikleriň kluby 4:2 hasabynda üstün çykdy. «Ahalyň» düzüminde gollary Elman Tagaýew we Daýanç Meredow geçirdi diýip, Turkmenportal habar berýär. 1-nji tapgyr duşuşygynda «Ahal» «Al-Feýhadan» 1:0 hasabynda, «Al-Aýn» bolsa «Pahtakordan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, toparda birinji orny 6 utuk bilen «Al-Aýn» eýeleýär. «Ahalda» 3 utuk bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir