Halkara bilim boýunça amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2023-2024-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berdi. Ol «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Synaglaryň rejesi Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., 15-nji oktýabr, 2023 ý., 09:00, Türkmenbaşy ş., 10-njy mekdep; Balkan welaýaty, Balkanabat ş., 22-nji oktýabr, 2023 ý., 09:00, Balkanabat ş. 3-nji mekdep; Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., 29-njy oktýabr, 2023 ý., 09:00, Daşoguz ş. 2-nji mekdep. Mary welaýaty, Mary ş. 5-nji noýabr, 2023 ý. 09:00, Mary ş., 19-njy mekdep; Lebap welaýaty, Türkmenabat ş. 12-nji noýabr, 2023 ý. 09:00, Türkmenabat ş., 2-nji mekdep; Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri 26-njy noýabr, 2023 ý. 09:00, Aşgabat ş., 20-nji mekdep. Bäsleşigiň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Bu bolsa türkmenler bilen amerikanlaryň özara düşünişmegini ösdürmäge ýardam eder. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan meýilleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäkli okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisi aşakdaky talaplara laýyk gelmeli: bäsleşige 2006-njy ýylyň 15-nji martyndan 2008-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler; häzirki wagtda orta mekdepde okaýan; mekdepdäki ýetişigi gowy bolan, iňlis dilinde gowy gürlemek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan; soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk; ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän; Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar synaga ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3x4 ölçegli bir fotosuratyny, ruçka alyp gelmelidir we mekdep lybasynda bolmalydyr. Bellik: öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaga rugsat berilýär. Goşmaça maglumat üçin Amerikan geňeşlikleriniň Aşgabatdaky edarasyna ýüz tutup bilersiňiz: Tel.: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36. http://americancouncilstm.org/flex/

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir