Iki çaganyň ejesi, 36 ýaşly Irina Kirsanowa “Älemiň supermodeli 2023” (Supermodel of the Universe 2023) atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada bäsleşigiň rus tarapdan guramaçylary TASS-a habar berdiler. "30-njy sentýabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde “Älemiň supermodeli” halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 36 ýaşly rus zenany Irina Kirsanowa ýeňiji boldy" - diýlip habarda aýdylýar. "Älemiň supermodeli" halkara gözellik bäsleşigi 2016-njy ýyldan bäri geçirilýär. Onuň maksady, dünýäniň podiumlaryny we modeller guramalaryny täze keşpler bilen tanyşdyrmak. 2023-nji ýylda jemleýji tapgyr 24-30-njy sentýabr aralygynda Malaýziýada geçirildi. Bäsleşige Filippinleriň, Gollandiýanyň, Fransiýanyň, Siriýanyň, Nigeriýanyň, Moldowanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir