Parižde geçirilen SILMO halkara optiki sergisinde Bugatti Günden goraýan täze äýnek toplumyny hödürledi. Ol Collection Two diýip atlandyrylýar, sebäbi bu giperkar öndürijiniň meşhur dizaýner Larri Sends bilen ikinji hyzmatdaşlygy. Aksessuarlar markanyň baý taryhy mirasyndan ylham alýar we gymmat bahaly materiallar ulanylyp Ýaponiýada öndürilýär. Täze tapgyrda 16 sany dürli dizaýn bolar - birinjidäkiden iki esse diýen ýaly köp, şeýle-de bolsa, şu wagta çenli resmi suratlarda diňe bäş dürli jübüt görkezildi. Mundan başga-da, ähli ýagdaýlarda dužkalarda fransuz awtoulag öndürijisiniň nyşanlary bar. Kompaniýa Collection Two äýnekleriniň Bugatti-niň dizaýnynyň düýp manysyny şöhlelendirmek üçin “tekiz çyzyklary, goýy konturlary we çylşyrymly jikme-jiklikleri” birleşdirýändigini aýdýar. Olary öndürmekde 925 hilli kümüş, 18 karat altyn, sadap goýlup bezelen gara makassar agajy, karbon, titan we palladiý ulanyldy. Şu wagta çenli Bugatti äýnegini diňe söwda araçyllaryndan satyn alyp bolýardy, ýöne indi söwda markasy onlaýn dükan açdy. Collection Two-yň bahalary we nusgasy entek aýan edilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir