Xiaomi kompaniýasy gaz bilen işleýän «akylly» Mijia 16L N1 suw gyzdyryjysyny hödürledi. Takmynan, 200 dollar bahadan onuň deslapky satuwy başlandy. Bar bolan maglumatlara görä, täze suw gyzdyryjy energiýa tygşytlaýyş tehnologiýasyny ulanýar. Öndürijiniň ynandyrmagyna görä, enjam, gaz bilen işleýän adaty suw gyzdyryjylar bilen deňeşdirilende, gazyň 40% -ini tygşytlamak üçin emeli aň ulanyp biler. Gaz bilen işleýän Xiaomi Mijia 16L N1 suw gyzdyryjysy birleşdirilen deslapky gyzdyryş, meýilleşdirilen deslapky gyzdyryş, bir düwme bilen deslapky gyzdyryş we suwa takyk gözegçilikli gyzdyryş ýaly dürli suw üpjünçilik usullaryny goldaýar. Täze Mijia suw gyzdyryjy güýçli 7200 aýlawly goşa güýçlendirijili suw nasosy bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa suwuň çykarylyşyny 120% ýokarlandyrýar. Aýlanyş tizligini 40% ýokarlandyrýan çalt gyzdyryş tertibi bar. Mundan başga-da, Xiaomi Mijia 16L N1 takyk gözegçilikli hemişelik temperatura ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Poslama garşy durnukly spiralsyz ýylylyk çalşyjylaryň täze neslini ulanýar, adaty suw gyzdyryjylardan 18,5% kiçi göwrümli, köp sanly howpsuzlyk mehanizmleri bilen enjamlaşdyrylan we 40 dB pes ses derejesi bilen işleýär. Xiaomi Mijia 16L N1 gaz bilen işleýän suw gyzdyryjy Mijia akylly öý ulgamyna birikmegi we smartfondan dolandyryşy goldaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir