Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän Wenera missiýasy üçin enjamlaryň eýýäm işlenip düzülendigini habar berdi. “Konseptual etapda duran köp missiýalarymyz bar. Wenera missiýasy eýýäm düzüldi. Munuň üçin gerek boljak ýükler eýýäm işlenip düzüldi" - diýip, ISRO-nyň başlygy Sridhara Somnath mälim etdi. Wenera missiýasyny goýbermek öňünden 2024-nji ýylyň dekabryna meýilleşdirilipdi – sebäbi şonda, ýagny, 2025-nji ýylda Ýer bilen Wenera biri-birine has ýakyn bolan wagty stansiýa Wenera orbitasyna girer. “Şukraýan-1” zondy atmosferanyň himiki düzümini öwrener, stratigrafiýa geçirer we Gün ýeliniň Weneranyň ionosferasy bilen täsirleşmesini öwrener. Eger missiýany goýbermek 2024-nji ýylda amala aşyrylmasa, indiki amatly pursat diňe 2031-nji ýylda geler. Şu ýylyň bary-ýogy birnäçe aýynyň içinde Hindistanyň iki sany üstünlikli missiýany amala aşyrandygyny ýatladýarys: Aý ulagyny Aýa iberdi we Aditya-L1 awtomatiki Gün gözleg stansiýasyny işe girizdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir