Ýaponiýanyň polisiýa işgärleri öz işine emeli aň (AI) esasly ulgamy ornaşdyrdylar, bu jenaýat bilen baglanyşykly maglumatlar üçin internetde jikme-jik gözlegleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berdi. Mundan öň, ýapon polisiýasy diňe “ýarag” we “partlaýjy” ýaly şübheli açar sözleri gözleýärdi. Täze ulgam bikanun işleriň jikme-jikliklerini gözläp, ulanylyşynyň kontekstini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Teleýaýlymyň bellemegine görä, AI-niň girizilmegi jenaýatlara taýýarlyk alamatlarynyň ýüze çykarylmagyny hem tizleşdirer, bu bolsa polisiýanyň jenaýatçylara garşy göreşde netijeliligini ýokarlandyrar. Ondan öň Ýaponiýanyň polisiýa müdirligi 2022-nji ýylda ýurtda amala aşyrylan kiber jenaýatçylygyň sanynyň rekord 12 369-a ýetendigini habar beripdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir