Toyota ýakyn ýyllarda bazara iki sany adaty bolmadyk täze önüm çykaryp biler. Reuters habarlar gullugynyň öz çeşmelerine salgylanyp ýazyşy ýaly, täze orta ölçegli krossoweriň üstünde eýýäm işlenip ýör. Mundan başga-da, geljekde, häzirki Land Cruiser maşgalasyna garanyňda, has ykjam wnedorožnigi ösdürmek göz öňünde tutulýar. Agentligiň habaryna görä, täze önümleriň ikisi-de Hindistanyň bazaryna çykar. Täze ulag häzirki wagtda 340D diýlip atlandyrylýar. Resmi taýdan bu C segmentine degişlidir we Toyota -nyň hindi hatarynda has ykjam Urban Cruiser Hyryder bilen uly Innova Hycross kysymly awtoulagyň aralygynda orun alar. Land Cruiser -iň has ykjam görnüşi barada aýdylanda bolsa, Toyota indi beýle uly isleg bildirilmegine bil baglanylmaýan bolsa-da, bu mesele boýunça entek gutarnykly karar kabul edilmedi. Ozal insaýderler şeýle modeliň daşky görnüşiniň Compact Cruiser EV konseptinden ugur aljakdygyny habar berdiler, ýöne täze önümiň elektrik hereketlendirijisini aljakdygyny aýtdylar.