«TechDroider» YouTube kanalynyň awtory «iPhone 15 Pro Max», «Samsung S23 Ultra» we «Pixel 7 Pro» smartfonlarynyň üstünde geçiren synagynyň wideosyny paýlaşdy. Ol smartfonlary ýagşyň aşagynda goýdy, duşda üstlerine suw sepdi, bu olaryň işine hiç hili täsir etmedi. Soňra bloger enjamlary suwly gaba ýerleşdirmek bilen synaglary çylşyrymlaşdyrdy. Şeýle-de bolsa, smartfonlar işlemegini dowam etdirdiler we zarýad bermezden ozal USB Type-C portuny guratmagyň zerurlygy barada duýduryş görkezdiler. Mundan başga-da, «Google Pixel 7 Pro» flagmany zarýad beriş bölüminiň gurandygyny we zarýad bermäge taýýardygyny habar berdi. «Samsung Galaxy S23 Ultra» bolsa suw astyndaka-da S Pen stilusy arkaly buýruklary kabul etmegini dowam etdirdi. «TechDroider» soňra smartfonlary alty sagatlap doňdurdy. Eredilenden soň, üç enjamyň hem dinamikleriniň işleýşi ýaramazlaşdy, «iPhone 15 Pro Max-yň» bolsa kamerasynyň aşagynda kondensat emele geldi we gysga wagtyň içinde bugaryp gitdi. Bir gün geçensoň, «iPhone 15 Pro Max-dan» başga ähli smartfonlar doly iş ýagdaýyna gaýdyp geldi, «iPhone» bolsa simli zarýad berijä birikmek üçin täzeden açylmagyny (perezagruzka) talap etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir