Türkmenistanda hepdäniň ahyryna çenli güneşli we bulutly howa saklanar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +31 gradus bolar, ýöne gijelerine salkyn howa bolar diýlip çak edilýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +10... +12 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+26 gradusdan +29... +31 gradus aralygynda maýyl bolar. Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +28 gradus maýyl bolar. Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +8... +13 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda, gündizlerine +21... +26 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar. Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda, gündizlerine +20... +25 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +6... +11 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda, gündizlerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir