«Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda nebit önümlerini peýdalanmak bilen bagly kadalaryň bozulandygy üçin jerimeler kesgitlendi. Bu baradaky Kanun şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi. Nebit önümleriniň bellenilen (çäklendirilen) möçberlerden artyk harçlanandygy, niýetlenişine görä ulanylmandygy, sarp edijileriň awtoulaglarynda, ýöriteleşdirilen tehnikalarynda hem-de mehanizmlerinde nebit önümlerini sarp etmegiň bellenilen ölçegleriniň we kadalarynyň bozulandygy, nebit önümleriniň bikanun ýerlenilendigi we edinilendigi üçin hem-de, goýberilýän nebit önümleriniň hiliniň girdeji resminamalaryndaky maglumatlara gabat gelmezligi we/ýa-da nebit önümleriniň hiliniň dikeldip bolmazlygy, nebit önümleriniň bikanun hasapdan öçürilmegi, ulanylan nebit önümleriniň galyndylaryny kabul etmegiň, saklamagyň, goýbermegiň, gaýtadan işlemegiň tertibiniň bozulandygy üçin jerimeler girizilýär. Ýokardaky ýagdaýlaryň biri ýerine ýetirilende fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň (100 manat) birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär. Administratiw temmisi ulanylandan soň hem, bir ýylyň içinde ýokardaky hereketleriň biri ýene bir gezek edilende fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar.