«Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizildi. Üýtgetmeler girizilen täze kanunçylyk namalary Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi. Üýtgetmä laýyklykda, 70-nji maddanyň belligi aýryldy. Bu bellikde şeýle diýilýärdi: «Kazyýet, kazy, prokuror, şeýle-de prokuroryň rugsady bilen anyklaýjy, sülçi Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 70-72-nji maddalarynda görkezilen esaslar boýunça jenaýat jogapkärçiliginden boşadylan adamy administratiw ýa-da harby gullukçylary düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek üçin degişli çäreleri görmelidirler». Günäsini ak ýürekden boýun alanlar indi ejir çeken bilen ylalaşmak we ýagdaýlaryň üýtgemegi netijesinde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary kodeksinden gelip çykýan sanksiýalardan doly boşadylyp bilner.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir