«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şu gün resmi metbugatda çap edildi. Täze Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň kazylarynyň wezipede işlemeginiň aňryçäk ýaşy kesgitlendi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinde aňryçäk ýaşy 70 ýaş, beýleki kazylaryň aňryçäk ýaşy 65 ýaş hökmünde kesgitlenendir. Ýöne Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň teklipnamasy boýunça ýaş çägi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýene 5 ýyl uzaldylyp bilner. Şeýle hem kazy wezipesini ýerine ýetirmegiň ygtyýarly möhleti kesgitlendi. Kazyýetiň başlygy we kazyýetiň başlygynyň orunbasary 5 ýyl möhlet bilen bu wezipä bellenýär. Şol bir başlyk ýa-da onuň orunbasary şol bir kazyýete ýolbaşçy wezipä iki möhletden artyk saýlanyp bilinmez. Türkmenistanyň Ýokary we Arbitraž kazyýetleriniň kazylary üçin hem talaplar girizildi. Indi, arbitraž kazylyga kazy hökmünde azyndan 3 ýyl iş tejribesi, Ýokary kazyýetiň kazysy üçin bolsa, azyndan 5 ýyl iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr. Täze Kanuna laýyklykda, 2 gezek yzly-yzyna hünär synagyny tabşyryp bilmedik kazylar, 1 ýylyň içinde kazynyň etikasyna laýyk gelmeýän etmişleri edendikleri üçin diýen bölekler girizildi. Şeýle hem kazylara, administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylara hem-de kazyýet işgärlerine kazyýet edaralarynda işlän ýyllary üçin goşmaça tölegiň möçberleri olaryň wezipe aýlyk hakyna we hünär derejeleri üçin goşmaça tölegine baglylykda, şu tertipde belenilýär: 5 ýyldan 10 ýyla çenli – 15 göterim; 10 ýyldan 15 ýyla çenli – 25 göterim, 15 ýyldan 20 ýyla çenli 30 göterim; 20 ýyldan 25 ýyla çenli – 35 göterim; 25 ýyldan ýokary – 40 göterim. Bu Kanun 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.