2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletara görnüşinde bolşy ýaly, halkara düzümleriň, ilki bilen, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada aýtmak bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň ösüşini bellediler, şeýle hem bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini nygtadylar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ýangyç-energetika toplumy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri, ulag we logistika ulgamyndaky özara gatnaşyklar bellenildi. Şeýle hem iki döwletiň bilim, ylym, syýahatçylyk we medeni ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi.