2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde işjeň alnyp barylýandygyny bellediler diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi. Ýokary derejedäki saparlary alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energetika, bilim ulgamlary, şeýle hem ekologiýa we Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin “BOMKA”, “KADAP”, “Erazmus+” we ş.m. sebit meýilnamlaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky sazlaşykly işini belläp geçdiler.